744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.07.2026
«Türkmennebit» önümlerine bolan ýokary isleg döwlet biržasynda netijeli geleşigiň baglaşylmagyna getirdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 16-njy iýulda geçirilen nobatdaky söwdalarda ýerli telekeçiler tarapyndan jemi 2 000 000,00 manat bolan uly geleşik baglaşyldy. Şonda ýerli hususyýetçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça şertnama baglaşyp, bu içerki bazarda uly gyzyklanma döretdi.

Söwdalaşyklaryň barşynda esasy üns ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda öndürilýän önümlere gönükdirildi. Ýerli işewürler tarapyndan uly isleg bildirilýän “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satyn alyndy. Döwrebap tehnologiýalar esasynda öndürilýän bu himiýa önümi häzirki wagtda ýerli önümçilikde dürli maksatlar üçin giňden ulanylýar we ýokary hili bilen tapawutlanýar.

Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Söwdalaşyklarda gazanylan bu netijeler ýurdumyzda hususy bölegiň işjeňligini artdyrmaga we içerki bazary ýerli çig mal bilen doly üpjün etmäge ýardam edýär.