744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen strategik ugurlary ara alyp maslahatlaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy iýulda döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady hem-de belent mertebeli türkmen myhmanynyň resmi garşylanyş dabarasy geçirildi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar parlamentara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, “Hazar deňzi — Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek hem-de Hazar we Gara deňiz sebitlerini özara baglanyşdyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we Gruziýanyň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Saparyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Ekspo Georgia” sergiler merkezinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady. Forumda çykyş eden Irakliý Kobahidze we Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, maýa goýum maksatnamalary, energetika we dokma pudaklarynyň kuwwaty barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem, Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we telekeçileriniň pawilýonlary bilen tanyşdylar. Sergi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gruziýanyň Premýer-ministriniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikler we çäreler iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga uly itergi berdi.