744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.07.2026
Türkmen-gruzin dialogy nebitgaz pudagyndan medeni gatnaşyklara çenli giňeýär

Tbiliside 16-njy iýulda geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, taraplaryň arasyndaky söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýurduň ykdysady görkezijilerine aýratyn üns berip, 2026-njy ýylyň başynda tassyklanan maýa goýum Maksatnamasynyň çäklerinde jemi içerki önümiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamagyň maksat edinilýändigini aýtdy. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Ýurduň energetika kuwwaty barada aýdylanda, dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişilendigi we Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygyň berkidilýändigi bellenildi. Şeýle hem taýýar suwuk nebit, gazhimiýa, mineral dökünler we polimer önümleriniň Aziýanyň hem-de Ýewropanyň bazarlaryna durnukly eksport edilýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hususy pudagyň hem uly ösüşlere eýe bolup, gurluşyk, metallurgiýa, plastik we elektrotehnika ugurlarynda täze önümçilikleriň ýola goýulandygyny mälim etdi. Şonuň bilen birlikde, ýylda 130 müň tonnadan gowrak öndürilýän taýýar dokma önümleriniň 80 göterime golaýynyň hem-de ekologiýa taýdan arassa azyk harytlarynyň daşarky bazarlara ugradylýandygy görkezildi.

Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we hususy pudagy bu ugurdaky taslamalara çekmek maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Hususan-da, Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygy mälim edilip, bu taslamany durmuşa geçirmäge iki ýurduň işewürler jemgyýetçiliginiň işjeň gatnaşmagynyň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň syýahatçylyk we hyzmatlar ulgamynda Gruziýanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu forumyň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda yzygiderli we anyk gepleşikleriň başlangyjy boljakdygyna hem-de şeýle çäreleriň geljekde hem yzygiderli guraljakdygyna ynam bildirip, maslahata gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi.