Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň esasy hyzmatdaşy bolar. Şeýle möhüm gatnaşygyň tassyklanandygyny foruma taýýarlyk görýän guramaçylyk topary mälim etdi.
Halkara energetika giňişliginde uly orny bolan SOCAR kompaniýasynyň bu çärä esasy hyzmatdaş hökmünde goşulmagy forumyň ähmiýetini has-da ýokary göterýär. Bu waka OGT maslahatynyň dünýä derejesindäki hökümet wekillerini, milli we daşary ýurtly nebitgaz operatorlaryny, iri maýadarlary hem-de tehnologiýa liderlerini bir ýere jemleýän strategik platformadygyny subut edýär.
Häzirki wagtda forumyň guramaçylyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Ýokary derejeli duşuşyklarda sebitde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, deňiz ýataklaryny özleşdirmek, nebithimiýa we gaz pudagyny maliýeleşdirmek meselelerine serediler. Şeýle-de sanly ulgama geçiş, metan zyňyndylaryny azaltmak we ekologiýa taýdan durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly döwrebap ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.
Garaşylýan halkara çärä halkara jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasy örän ýokarydyr. Eýýäm şu günki güne çenli dünýäniň 20-den gowrak döwletine wekilçilik edýän 100-den gowrak daşary ýurtly wekil maslahata gatnaşjakdygyny tassyklady we bellige alynýanlaryň sany yzygiderli artýar.
Dünýäniň energetika elitasyny jemlejek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi şu ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde guralar. Foruma gatnaşmak, hasaba durmak we hyzmatdaşlyk etmek baradaky ähli zerur maglumatlar guramaçylaryň resmi internet saýtynda elýeterlidir.