Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň kanunçylyk, ykdysadyýet, halkara hyzmatdaşlyk we ekologiýa ýaly ugurlaryna degişli möhüm meselelere seredildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Ýurduň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen parlamentara gatnaşyklary hem-de diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem döwlet ätiýaçlandyryş ulgamynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Nebitgaz we senagat toplumlarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar we bu barada degişli Karara gol çekildi. Şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Oba hojalygynda gowaça meýdanlaryna ideg etmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, pagta ýygymy hem-de geljek ýylyň bugdaý ekişi möwsümlerine taýýarlyk görmek işleri güýçli depginde dowam edýär. Medeni-ynsanperwer ulgamda bolsa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek baradaky resminama gol çekildi hem-de zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýokary derejede taýýarlyk görmek tabşyryldy.
Daşary syýasatda Prezidentiň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň hem-de geçirilen medeni çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek maksady bilen, Pudagara iş toparyny döretmek, «Aşgabat Howa dialogyny» ýola goýmak we sebit merkezleriniň Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler makullanyldy. Ulag ulgamynda bolsa «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny artdyrmak hem-de täze gury ýük gämilerini gurmak arkaly milli deňiz flotuny pugtalandyrmak barada görkezmeler berildi.