744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.07.2026
Jon Defterios «OGT 2026» halkara maslahatynyň Baş alyp baryjysy bolar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» XXXI halkara maslahatyna hem-de sergisine görülýän taýýarlyk işleri täze möhüm tapgyra gadam basdy. Dünýä belli žurnalist we ykdysadyýet boýunça seljeriji Jon Defterios bu abraýly çäräniň Baş alyp baryjysy hem-de Baş halkara moderatory hökmünde resmi taýdan tassyklandy. Ol forumyň dowamynda esasy bölümlere ýolbaşçylyk edip, ýokary derejeli halkara sessiýalary alyp barar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Halkara bilermeniň çärä gatnaşmagy maslahatyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga we netijeli pikir alyşmalary guramaga ýardam eder. Bu bolsa Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüş ugurlaryny global gün tertibi bilen utgaşdyrmakda möhüm orun eýelär.

Jon Defterios çäre baradaky garaýyşlaryny paýlaşyp, şeýle diýdi: «OGT 2026-da Baş alyp baryjy we Baş halkara moderator hökmünde çykyş etjekdigime örän şat. Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleri, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklary we öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalary bilen giňelýän gatnaşyklary netijesinde sebitleýin hem-de dünýä energetika ulgamynda möhüm strategik orny bar. Aşgabatda döwlet ýolbaşçylary, pudak ýolbaşçylary, maýadarlar we tehniki hünärmenler bilen duşuşmaga hem-de energetika pudagynyň geljegini kesgitleýän mümkinçilikler boýunça netijeli dialogyň geçirilmegine goşant goşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn».

Energetika, halkara söwda we geosyýasat ulgamynda 35 ýyldan gowrak tejribesi bolan Jon Defterios ozal «CNN Business» teleýaýlymynyň ösüp barýan bazarlar boýunça redaktory hem-de alyp baryjysy bolup işledi. Ol öz iş döwründe Aýlag urşy, Berlin diwarynyň ýykylmagy, G8 we G20 sammitleri ýaly taryhy wakalary beýan etdi hem-de köp sanly döwlet Baştutanlaryndan we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan söhbetdeşlik aldy.

Täze tassyklanan Baş moderator Bütindünýä Ykdysady Forumy (WEF), OPEC seminarlary, ADIPEC we Halkara Pul Gaznasy (IMF) ýaly dünýäniň iň iri ykdysady hem-de energetika çärelerine moderatorlyk etmegi bilen tanalýar. Häzirki wagtda ol Nýu-Ýork uniwersitetiniň Abu-Dabidäki bölüminiň professory, «APCO Worldwide» kompaniýasynyň strategik uly geňeşçisi bolup işleýär hem-de energetika žurnalistikasyna goşan goşandy üçin birnäçe halkara sylaglaryň eýesidir.

Bu halkara çäre «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hem-de «Türkmen Energy Forum» hojalyk jemgyýetiniň guramagynda şu ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriler.