744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.07.2026
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda türkmen-german işewürlik gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Guwanç Agajanow ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işler, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Häzirki wagtda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler tebigy gazy içerki we daşarky bazarlara bökdençsiz hem-de ygtybarly ibermäge mümkinçilik berýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, aýratyn-da, Germaniýanyň ugurdaş kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan türkmen-german ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin döredilýän giň şertleriň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini has-da artdyrmak ugrunda degişli işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde duran möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, hödürlenen Karara gol çekdi we wise-premýere bu ugurdaky işleri talaba laýyk guramagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmengaz» döwlet konsernine edara-kärhanalary üçin zerur tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.