744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.07.2026
«Galkynyş» känindäki guýy Türkmenistanyň gaz kuwwatyny artdyrýar

Mary welaýatynda ýerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Gazçylar 2916 metr çuňlukda buraw işlerini üstünlikli geçirip, 2860 — 2858 metr aralykdaky gatlaklardan bir gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak arassa metan gazy almagy başardylar. Bu tebigy gaz ýokary ekologik gymmatlygy, kükürtsiz we wodorodsyz düzümi bilen tapawutlanýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Häzirki wagtda döwletimiziň uglewodorod serişde binýadyny netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli strategiýa amala aşyrylýar. Energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Mary welaýatynyň gazçylarynyň bu zähmet üstünligi hem Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki kuwwatly energetika döwleti hökmündäki eýeleýän ornuny has-da berkitdi.

Aýratyn hem «Galkynyş» gaz käniniň guýularynyň döwrebaplaşdyrylmagy we düýpli özleşdirilmegi halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekýär. Täze gaz akymynyň alynmagy uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň köpugurly ulgamlaryny ösdürmäge goşmaça mümkinçilik berýär. Şunda pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýady berkitmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Hünärmenler bir gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak çykymy bolan bu guýynyň önümçilik möçberini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak ugrunda degişli çäreleri görýärler. Nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan bu netijeli işler milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmak bilen bir hatarda, tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksatlaryna gulluk edýär.