744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.07.2026
Türkmenistanyň biržasynda 29-njy hepdäniň dowamynda 13 geleşik hasaba alyndy

Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 29-njy hepdesinde geçirilen birža söwdalarynyň dowamynda jemi 60 653 700,00 manat we 369 895,45 ABŞ dollary möçberinde 13 geleşik baglaşyldy.

Hepdäniň dowamynda içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmenpagta” döwlet konserninden pagta süýümini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden pagta ýagynyň çökündisini, pagta galyndylaryny hem-de 1-nji hilli arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny satyn aldylar. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginden nah kreton çig matany satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Şeýle-de, içerki bazarda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň öndürýän “TPP D 30 S” kysymly polipropilenine isleg ýokary bolup, ýerli işewürler bu önümi satyn almak boýunça birnäçe geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli öndürijilerden dokma önümlerini satyn aldylar. Mundan başga-da, Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň öndürýän suwuklandyrylan gazyny satyn almak barada eksport geleşiklerini baglaşdylar.