Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň ýurdumyzda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak boýunça bilelikdäki taslamalary hem-de 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamany amala aşyrmak meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Sýaoszýun Greýs Wan mähirli kabul edilendigi üçin sagbolsun aýdyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Ol Türkmenistanyň özgertmeler ýoly bilen öňe barýandygyny belläp, ýurtda BMG-niň wekili bolup işlemek mümkinçiligine ýokary baha berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow diplomaty täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigini hem-de parahatçylygy üpjün etmek, energetika howpsuzlygy, ulag geçelgeleri we daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlaryň yzygiderli öňe sürülýändigini ýatlatdy.
Duşuşykda "Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy" strategik maslahat beriş geňeşiniň hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Şeýle hem taraplar 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlara ünsi çekip, BMG we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady. Diplomat öz gezeginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.