Aşgabat şäherinde şu ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda «Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» şygary astynda geçiriljek «OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine bolan ýokary gyzyklanma sebäpli sergi meýdançalarynyň ählisi dolulygyna satyldy. Bu halkara çäre döwlet edaralarynyň wekillerini, nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny hem-de pudak hünärmenlerini bir ýere jemlär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Sergide gözleg we çykaryş, inženerçilik, nebitgaz hyzmatlary, sanly tehnologiýalar, ekologiýa çözgütleri we logistika ýaly ugurlarda işleýän milli hem-de halkara kompaniýalaryň mümkinçilikleri görkeziler. Sergi ýerleriniň öňünden doly eýelenmegi kompaniýalaryň öz innowasiýalaryny tanyşdyrmaga we Türkmenistanda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.
Sergi meýdançalary doly eýelenen hem bolsa, maslahatyň wekillerini hasaba almak açyk bolmagynda galýar. Şonuň üçin guramaçylar gyzyklanýan guramalary öz wekilliklerini mümkin gysga wagytda hasaba goýdurmaklaryny çagyrýarlar. Öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň gatnaşmagy OGT-nyň milli ösüş maksatlaryny halkara tejribesi we maýa goýum mümkinçilikleri bilen baglanyşdyrýan täsirli gural hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.
Ýakyn hepdelerde strategik hyzmatdaşlar, esasy çykyş edijiler, daşary ýurt wekiliýetleri hem-de maslahatyň meýilnamasy barada goşmaça maglumatlar yglan ediler.