744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.07.2026
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy alty aýyň meýilnamasyny 102 göterim berjaý etdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygy bellenilýän ýylynda ýokary zähmet netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň geçen alty aýynyň jemleri boýunça topluma gelip gowşan nebit çig malyny gaýtadan işlemek we harytlyk görnüşine getirmek meýilnamasy 102 göterim berjaý edildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Hasabat döwründe toplum tarapyndan nebit we nebithimiýa önümleriniň taýýarlanylyşy boýunça bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu döwürde ýokary hilli benzinleriň dürli görnüşleriniň jemi 702,1 müň tonnasy, kerosiniň 202,4 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 728,5 müň tonnasy, polipropileniň 33,8 müň tonnasy, suwuklandyrylan gazyň 86 müň tonnasy, nebit bitumynyň 244,4 tonnasy hem-de çalgy ýaglarynyň 28,7 müň tonnasy öndürildi.

Ýokary hil ülňülerine gabat gelýän önümleri öndürýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň zähmetkeşleri ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak maksady bilen, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy dowam edýärler.