744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä şanly 55 ýaş toýy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda gruzin kärdeşine iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hatda iki ýurduň arasyndaky özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda Tbilisi şäherine amala aşyran döwlet saparyny we onda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany Mihail Kawelaşwiliniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berdi. Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Prezidentine berk jan saglyk, jogapkärli işinde täze üstünlikleri, dostlukly gruzin halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.