744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.07.2026
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdepleriniň amaly hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetine okuw saparyna ugradyldy. Bu çäre türkmen uniwersiteti, «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy hem-de Malaýziýanyň ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň ýokary okuw jaýy habar berdi.

Saparyň çäklerinde talyplar üçin 2 hepdelik okuw-önümçilik tejribeligi, mugallymlar üçin bolsa 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary guralar. Maksatnama Malaýziýanyň Tehnologik uniwersitetiniň Ýörite okuw merkezi tarapyndan taýýarlanylyp, ol täze tehnologiýalary, sanly ulgamlary we emeli aňy önümçilige ornaşdyrmak boýunça sapaklary öz içine alýar.

Saparyň dowamynda türkmen wekilleri Malaýziýanyň ýokary okuw mekdebiniň okuw tejribehanalary, ylmy-barlag merkezleri hem-de Petronas kompaniýasynyň önümçilik desgalarynyň işi bilen ýakyndan tanyşarlar. Okuw-önümçilik tejribeligi talyplaryň nazary bilimlerini amaly endikler bilen baýlaşdyrmaga, mugallymlaryň bolsa dünýä tejribesini okuw amalyýetine ornaşdyrmaklaryna uly mümkinçilik döredýär.

Hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetiň, bilelikde nebitgaz we gazhimiýa senagatynyň kämilleşdirilmeginde möhüm orun eýeleýär. Ýurtdaky ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi energetika toplumyny täze sepgitlere çykarmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.