«Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlap, ýylyň ilkinji alty aýynda ýokary önümçilik netijelerini gazandylar. Hasabat döwründe konsern boýunça 2 million 53 müň tonna golaý nebit çykarylyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 101 göterime golaýlady. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
«Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri meýilnamany 108,5 göterim berjaý edip, goşmaça 155 müň 800 tonna «gara altyn» çykardylar. Deňiz ýakasynda iş alyp barýan «Hazarnebit» döwlet kärhanasy bolsa bellenilen meýilnamadan daşary 1 müň 227 tonna nebit almagy başardy.
Gaz çykaryş pudagynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Alty aýyň dowamynda nebit-gaz çykaryş müdirlikleri tarapyndan sarp edijilere 2 milliard 454 million kub metrden gowrak tebigy gaz gowşuryldy. Bu ugurda «Körpeje», «Keýmir», «Goturdepenebit» we «Gumdagnebit» müdirlikleriniň zähmetkeşleri öňdebaryjylygy görkezdiler. Aýratyn-da, «Keýmir» müdirligi nebit çykarmak boýunça tabşyrygy 122 göterim berjaý edip, 236 müň 613 tonna çig mal aldy. Şeýle hem «Goturdepenebit» we «Ýaşyldepe» müdirlikleri meýilnamany degişlilikde 111 we 115 göterimden geçirip berjaý etdiler.
Kärhanalaryň maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegi önümçiligiň netijeliligini göz-görtele artdyrdy. «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti tarapyndan alty aýda 216 sany guýuda çylşyrymly abatlaýyş işleri geçirildi. Şol guýularyň gaýtadan hatara goşulmagy netijesinde goşmaça 93 müň 348 tonna nebit hem-de 210 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» alyndy. Munuň özi abatlanan guýulardan gaz almak meýilnamasynyň 7 esse artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar.
Ylmy-tehniki mümkinçilikleriň giňeldilmegi burawlaýyş işlerinde hem öz beýanyny tapdy. «Nebitgazburawlaýyş» tresti tarapyndan gazylan dag jynslarynyň çuňlugy 67 müň 516 metre ýetirilip, meýilnama 112 göterime golaý berjaý edildi. Hasabat döwründe 12 sany täze guýy, şol sanda 11 sany ulanyş maksatly guýy üstünlikli gazylyp, ulanyşa berildi. Häzirki wagtda ol täze guýulardan her gijegündizde ýüzlerçe tonna nebit çig maly alynýar.
Netijeli işler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) hem dowam etdirildi. Zawodlar toplumynda çig maly gaýtadan işlemek meýilnamasy 102 göterim berjaý edildi. Ýarym ýylda 702,1 müň tonna benzin, 202,4 müň tonna kerosin, 728,5 müň tonna dizel ýangyjy, 33,8 müň tonna polipropilen, 86 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 244,4 tonna nebit bitumy hem-de 28,7 müň tonna çalgy ýaglary öndürilip, meýilnamalaýyn borçnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi.