Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Altyn Asyr» Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde 20-nji iýulda täze gepleşigiň ýazgysyny geçirdi. Bu gepleşik «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna bagyşlandy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Gepleşigiň dowamynda resminamada bellenilen esasy ugurlar, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdaky önjeýli adimlar we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi giňişleýin seljerildi. Şeýle hem bu Strategiýanyň milli bilim ulgamyny täze ösüş tapgyryna çykarmakda möhüm orun eýeleýändigi barada aýratyn bellenip geçildi.
Gatnaşan professor-mugallymlar öz çykyşlarynda halkara ülňülere laýyk gelýän bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy-barlaglaryň netijeliligini artdyrmak we ýaş hünärmenleri taýýarlamak barada durup geçdiler. Mundan başga-da, olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky Mejlisi barada buýsanç bilen belläp, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdiler.