Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly ýaş toýy we Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä bolsa ýurduň milli baýramy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly 85 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de bu hyzmatdaşlygyň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýandygyny nygtady. Ýokary derejeli gutlagda Italiýanyň Prezidentine berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa durnukly parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy bolan Ynkylap güni mynasybetli gutlag hatyny ugratdy. Hormatly Prezidentimiz mähirli gutlaglarynyň ýany bilen Müsür Arap Respublikasynyň Baştutanyna berk jan saglyk we bagt, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş arzuwlaryny beýan etdi.