Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» XXXI Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hem-de «Türkmen Energy Forum» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän bu iri çäre häzirki wagtda taýýarlygyň täze, möhüm tapgyryna gadam basdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Ýokary guramaçylyk derejesiniň aýdyň subutnamasy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen abraýly žurnalist we ykdysady seljeriji Jon Defteriosyň çäräniň Baş alyp baryjysy hem-de Baş halkara moderatory hökmünde resmi taýdan tassyklanmagyny görkezmek bolar. Şeýle hem häzirki wagta çenli maslahata 150-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy, sergi meýdançalary bolsa eýýäm dolulygyna satyldy.
Energetika pudagyndaky bu iri forumyň halkara abraýynyň ýokarydygyny Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) çärä Premier Partner hökmünde gatnaşmagy hem tassyklaýar. «Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» diýen resmi şygar astynda geçiriljek üç günlük forum energetika serişdelerini durnukly ösdürmek we täze maýa goýum hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.
Şu ýylyň oktýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabat halkara energetika jemgyýetçiliginiň wekillerini kabul etmäge doly taýýardyr. "OGT 2026" halkara meýdançasy hökmünde ählumumy energetika dialogyny ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga uly goşant goşar.