Hytaýyň "Jinzhou NEWJCM Machinery Manufacture Co.,Ltd." kompaniýasy "Türkmengaz" döwlet konserni bilen iri hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Şertnama laýyklykda, hytaý kompaniýasy "Daşoguzgazakdyryş" müdirliginiň kompressor beketlerinde ýerleşýän “DG-90L2” kysymly sekiz sany gaz turbinasyna toplumlaýyn tehniki hyzmat berer hem-de olaryň ulanyş ýagdaýlaryny doly dikelder. Bu barada habar beren kompaniýa, bu işiň öz gaz turbina enjamlary ugrundaky iň uly taslamalarynyň biridigini belledi.
Halkara bäsleşigiň netijesinde gazanylan bu taslama üçin "NEW JCM" kompaniýasynyň hünärmenleri ýörite tehniki çözgütleri taýýarladylar. Şeýle hem şertnama baglaşylmazdan ozal, "Türkmengaz" döwlet konserniniň wekilleri kompaniýanyň Hytaýdaky önümçilik desgalaryna baryp, olaryň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Türkmenistan bilen baglaşylan täze ylalaşyk "NEW JCM" üçin Merkezi Aziýa bazarynda öz ornuny berkitmekde möhüm tapgyr boldy. Kompaniýa diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Gazagystanda hem kuwwaty 15 MW bolan gaz turbinasyna hyzmat etmek boýunça ýene bir şertnamany baglaşdy.
Işleriň gerimini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen kompaniýanyň düzüminde gaz turbinalary boýunça ýöriteleşdirilen täze bölüm döredildi. Bu bölüm enjamlar üçin esasy düzüm böleklerini öndürmek, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek we enjamlaryň tutuş ulanylyş möhletinde olara tehniki hyzmat etmek bilen meşgullanar. Kompaniýa geljekde hem Merkezi Aziýanyň energetika pudagyndaky gatnaşyklaryny giňeltmegi meýilleşdirýär.