Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz iberen hatynda goňşy ýurduň Prezidentini şanly gün bilen mähirli gutlap, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Iberilen gutlagda Özbegistanyň gazanýan üstünliklerine hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewiň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde Özbegistanyň yzygiderli ösýändigini we halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge özbegistanly Lideriň goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berildi.
Döwlet Baştutanymyz iki halky baglanyşdyrýan umumy taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň hakyky doganlygyň aýdyň mysalydygyny belledi. Bu köpasyrlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.