744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.07.2026
Türkmenistan we «PETRONAS» Hazarda giň gerimli gözleg işlerine başlaýar

Ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek hem-de geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözleg işlerini geçirmek boýunça giň gerimli taslamalara başlanylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Muhammetnur Ataýew «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda habar berdi.

Taslamalar barada Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda bellenilip geçildi. Ýokary derejedäki duşuşykda taraplar energetika ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini tassykladylar. Gepleşikleriň netijesinde nebitgaz pudagynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebitiň çykarylyş kuwwatyny artdyrmak we durnukly maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmen topragy baý uglewodorod gorlaryna eýedir. Bu gymmatly serişdeleri netijeli peýdalanmak, nebitgaz senagatynda täze üstünlikleri gazanmak we pudagyň kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda döwlet derejesinde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň baý ýangyç-energetika gorlarynyň netijeli peýdalanylmagy we Hazar deňzindäki täze uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilmegi halkara ykdysady hyzmatdaşlygy, daşary söwdany hem-de nebitgaz pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmäge uly mümkinçilik berer.