Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerasty baýlyklary gözlemek we netijeli peýdalanmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi täze ýerasty baýlyklary ýüze çykarmakda we olary ykdysady dolanyşyga girizmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak we olardan netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.