744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.07.2026
Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýurdumyzyň ýangyç-energetika kuwwatyny artdyrmaga hyzmat eder

Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bu halkara çäresine görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Halkara forumyň gün tertibinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna, şol sanda nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmaga we bu ugra daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn orun berler. Şeýle hem çäräniň barşynda uglewodorod serişdelerini çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, "ýaşyl" energetika geçişi amala aşyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimize, esasan hem nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz oktýabr aýynda geçiriljek maýa goýum forumy bilen bagly teklibini doly goldap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.