744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.07.2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de täze möhüm Kararnama kabul edildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisiniň dowamynda 24-nji iýulda Türkmenistanyň öňe süren hem-de «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» diýlip atlandyrylan Kararnamasy biragyzdan goldanylyp kabul edildi. Dünýäniň 78 döwletiniň bu resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etmegi Türkmenistanyň halkara giňişligindäki nobatdaky başlangyjynyň örän giň goldawa eýe bolandygyny aýdyň görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Täze Kararnama hödürlenilýän mahalynda türkmen tarapy häzirki zaman dünýäsindäki çuňňur özgertmeler şertinde halkara hukugyna bolan hormaty artdyrmagyň aýratyn möhümdigini nygtady. Bu ädim halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamagyň, Durnukly ösüş maksatlaryna üstünlikli ýetmegiň hem-de ýurtlaryň arasyndaky netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň baş şerti hökmünde bahalandyryldy.

Agzalan resminamanyň BMG tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde parahatçylyk medeniýetini, özara ynanyşmagy hem-de halkara hukugynyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan yzygiderli we konstruktiw daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.