744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.07.2026
Türkmenistanda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 25-nji iýulda Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri jemlendi hem-de öňde duran möhüm wezipelere we geljekki meýilnamalara seredildi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlise gatnaşyjylar 2024–2026-njy ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda edarara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmegiň we göz öňünde tutulan çäreleri bellenilen tertipde ýerine ýetirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem mejlisdäki esasy temalaryň biri 2026–2030-njy ýyllar üçin Adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy boldy. Bu täze resminamanyň halkara ülňülerine laýyklykda ýurdumyzyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça milli ulgamyny täze basgançaga çykarmaga gönükdirilendigi barada aýdyldy.

Çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow döwletimiziň adam hukuklary babatda alyp barýan syýasatynyň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýandygyny nygtady. Ol Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy uly jogapkärçilik bilen ösdürýändigini belledi. Duşuşygyň jemleri boýunça pudagara toparyň adam hukuklaryny hem-de ynsanperwer hukugyny pugtalandyrmak babatdaky geljekki esasy ugurlary bellenildi.