2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine hüjüm edilendigi barada maglumatlar peýda boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Hazar deňzinde beýle çäreleriň hem-de bikanun hereketleriň asla ýol berilmesizdigini aýdyň nygtady. Bu barada daşary syýasat edarasy ýörite beýanat bilen çykyş etdi.
Türkmen tarapy Hazarýaka döwletleriň biri hökmünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly jogapkärçilik bilen garaýar. Aşgabat Hazar deňziniň sebitiň ilaty üçin parahatçylygyň, agzybirligiň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berk binýady bolmalydygyny ýene bir gezek halkara bileleşigine ýatlatdy.
Türkmenistan Hazar deňzinde durnuklylygy saklamagyň, deňiz ýollarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň we hyzmatdaşlygy diňe parahatçylykly ýollar bilen ösdürmegiň möhümdigi barada çykyş etdi.