Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 27-nji iýulda oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşyna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri öz sebitlerindäki agrotehniki çäreler barada hasabat berdiler. Hasabatlarda galla oragyndan boşan meýdanlary sürüm we tekizleýiş işlerine taýýarlamak, bugdaý tohumlaryny we tehnikalary möwsüme sazlamak, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi geçirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşlere garşy göreşmek işleriniň alnyp barylyşy barada bellenildi. Şeýle hem güýzlük ýeralma, gök-bakja, şaly we gant şugundyry ekinlerine ideg etmek bilen geljekki ekişlere taýýarlyk görmek işleri barada maglumat berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meselesine seredildi. Mundan başga-da, häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda sebitlerde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýagdaýy barada maglumat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, gowaça ideg etmek, zyýankeşleriň öňüni almak, bugdaý ekişine guramaçylykly taýýarlanmak we önüm öndürijiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem sebitlerde gurulýan binalaryň gurluşyk hiliniň we möhletiniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny hem-de ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.