Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 27-nji iýulda Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk we ýangyç-energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi hem-de öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Gepleşikleriň başynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň mähirli salamy ýetirilip, Gahryman Arkadagymyzyň Eýrana amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna we BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi.
Söwda-ykdysady ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýandygy nygtaldy. Eýranyň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýändigi bellenilip, hususy ulgamy işjeňleşdirmekde we ylalaşyklary ýerine ýetirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň uly ornunyň bardygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine gabat gelýän netijeli we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.