«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň zähmetkeşleri önümçilik görkezijilerini barha ýokarlandyrýarlar. Kärhanada häzirki zaman kämil enjamlarynyň netijeli ulanylmagy «gara altynyň» çykarylyşyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Müdirlik boýunça ýylyň başyndan bäri hereket edýän guýulardan alnan nebitiň möçberi 610 müň 234 tonna barabar boldy. Şonuň netijesinde kärhana boýunça gazanylan ösüş depgini 105 göterimden hem geçdi. Bellenilen meýilnamadan daşary 61 müň tonna nebit çig malyny artykmaç çykaran nebitçiler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.
Häzirki günlerde «Goturdepenebit» müdirliginiň hünärmenleri ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga goşant goşmak bilen, önümçilik depginlerini barha ýokarlandyrmagy we täze sepgitlere ýetmegi dowam etdirýärler.