744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
29.07.2026
Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji iýulda ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Bassony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maliýe-bank, energetika, ulag-logistika, obasenagat hem-de suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak ýaly wajyp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Myhman myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabadyň gözel binagärlik keşbine ýokary baha berdi we Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen özgertmelerini goldaýandyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz hem öz gezeginde bu saparyň iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly itergi berjekdigini belledi.

Duşuşykda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, eksport ugurly önümçiligi goldamak, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek we maýa goýumlary çekmek meselelerine seredildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ÝTÖB bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini aýdyp, «ýaşyl» energetika, sanly ykdysadyýet we Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirilip, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we sebitleýin geçelgeleri ilerletmek boýunça gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ÝTÖB-niň arasynda 2027 — 2032-nji ýyllar üçin strategik ugurlar we bank ulgamyny berkitmek boýunça Ähtnamalar bar. Şeýle hem durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen ÝTÖB-niň «Ýaşyl şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamalara gol çekildi.