Beýik Britaniýanyň abraýly «Times Higher Education (THE)» agentligi ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) goşýan goşandyny bahalandyrýan «THE Sustainability Impact Ratings 2026» dünýä reýtinginiň netijelerini yglan etdi. Ozal «THE Impact Rankings» ady bilen neşir edilen we 2019-njy ýyldan bäri durnukly ösüş ulgamynda iň abraýly reýtingleriň biri hasaplanýan bu halkara görkezijä 2026-njy ýylda dünýäniň 116 ýurdundan we sebitinden 1 müň 646-a golaý ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Jemleýji reýtinge girizilmek üçin uniwersitetler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň azyndan dördüsi boýunça maglumat hödürlemeli bolup, olaryň arasynda DÖM 17 — «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk» ugry hökmany görkeziji hökmünde bellenildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-nji ýyldan bäri, ýagny yzly-yzyna bäşinji ýyl bu abraýly halkara reýtinge üstünlikli gatnaşyp, bilim, ylym, innowasiýa we halkara hyzmatdaşlygy ugurlarynda gazanan ýokary netijeleri bilen tapawutlanýar.
2026-njy ýylyň netijelerine görä, bu ýokary okuw mekdebi DÖM 4 («Hilli bilim»), DÖM 7 («Elýeterli we arassa energiýa»), DÖM 9 («Senagat, innowasiýalar we infrastruktura») hem-de DÖM 17 («Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk») ugurlary boýunça ýokary görkezijileri gazanyp, dünýä reýtingine girizildi. Şunda uniwersitet geçen ýyl bilen deňeşdirilende DÖM 4, DÖM 7 we DÖM 9 ugurlary boýunça öz netijeliligini has-da gowulandyrmagy başardy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «THE Sustainability Impact Ratings 2026» reýtinginde uly üstünlik gazanmagy alyp barýan ylym-bilim işleriniň durnukly ösüş babatda häzirki zaman halkara talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebiniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan saldamly goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.