744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
29.07.2026
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Halk Maslahatyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty nurly, röwşen geljegimiziň baky sönmez çyragydyr» diýen şygar astynda «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramaçylygynda geçen bu çärä degişli toplumyň önümçilik düzümlerinden hünärmenler we işgärler işjeň gatnaşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Maslahatda Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmengeologiýa» DK-nyň, «Türkmennebit» DK-nyň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň wekilleri hem-de ylmy işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen halkynyň möhüm meseleleri bilelikde çözmek baradaky köpasyrlyk ata-baba däpleriniň häzirki döwürde Halk Maslahatynyň işinde durnukly dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde öňde goýlan wezipeler, hususan-da, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri we ýüztutmalary yzygiderli seljermek meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkyň agzybirligini hem-de Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň kuwwatyny berkitmegiň Halk Maslahatynyň baş maksady bolup durýandygy bellenildi.

Çärede çykyş edenler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu ählihalk forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin öz iş orunlarynda we jemgyýetçilik çärelerinde sazlaşykly işleri alyp barjakdyklaryna hem-de bu ugra öz saldamly goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.