744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
29.07.2026
«Yonhap» agentliginiň habarçysy Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde boldy

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky birinji sammitiň ähmiýetini Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek maksady bilen, Koreýa Respublikasynyň «Yonhap» habarlar agentliginiň habarçysy Son Do Hýon «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine bardy. Bu ýerde žurnalist Koreýada gysga möhletli bilim alyp gelen mugallymlar we talyp ýaşlar bilen duşuşyp, söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (KOICA) baglaşan şertnamasyna laýyklykda gurlup ulanylmaga berlen döwrebap okuw binasynda talyplara berilýän bilimiň ýokary hili bellenildi. Mekdepde maglumat ulgamlary, elektroenergetika ulgamlarynyň awtomatizasiýasy we rele goragy, senagat enjamlaryny gurnamak we ulanmak hem-de maşyngurluşygyň tehnologiýasy ýaly 4 sany hünär boýunça ýokary derejeli bilermenler taýýarlanýar. Talyplar elektron kitaplardan we AutoCAD maksatnamalaryndan peýdalanyp, önümçilik şaýlaryny taýýarlamagy kämilleşdirýärler.

Koreýaly žurnalist okuw mekdebiniň durky täzelenen tejribehanalary we enjamlary bilen ýakyndan tanyşdy. Ol bu ýerde turba geçiriş, kebşirleýiş, ýokary tizlikli turba kesiji enjamlar toplumy, şeýle hem Kompýuter çyzgylaryny çyzmak üçin elektrik CAD we PLC tejribe otaglaryny synlady. Şeýle-de myhmana C, C++, Java, Python hem-de Android maksatnamalaşdyryş dilleri boýunça amaly sapaklaryň geçirilýän ýöriteleşdirilen kompýuter synplary görkezildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara tejribä daýanýan bilim ulgamy işjeň kämilleşdirilýär. Aşgabatda we welaýatlarda ýaşlara dünýä ülňelerine laýyk gelýän interaktiw usulda bilim bermek, olaryň ylmy-innowasion gözleglerini goldamak we önümçilik üçin kämil hünärmenler edip ýetişdirmek boýunça giň möçberli döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.