744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.07.2026
Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň agzalary bilen duşuşdy we dünýä çempionatyna ak pata berdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuş şertleri bilen içgin gyzyklandy. Milli Liderimiz ýaşlara öňde boljak halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmeklerini arzuw edip, öz ak patasyny berdi. Duşuşykda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi Watanyň röwşen geljeginiň kepili hökmünde bellenilip geçildi hem-de toparyň agzalaryna döwlet tarapyndan ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk işleri Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli gözegçiliginde saklanyp, degişli maslahatlar berilýär. Bäsleşikleriň jemlenmeginden soňra bolsa, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy dabaraly bellenilip geçiler.

Şu günlerde taýýarlyk işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky döwlet topary Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar. Saparyň dowamynda halkara çäreleriň geçiriljek meýdançasy, bezeg işleri we guramaçylyk meseleleri bilen tanşyldy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti ýerli atşynaslar we halkara hünärmenler bilen duşuşyp, özara tejribe alyşdylar.

Ahalteke atçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende göterdi. Geçirilýän halkara çäreler we toplumlaýyn taýýarlyk işleri türkmen atşynaslyk sungatynyň şöhratyny Ýer ýüzüne ýaýmakda hem-de öňde duran dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmekde uly ähmiýete eýedir.