744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.07.2026
«Türkmennebit» döwlet konserniniň polipropileni içerki bazarda uly islege eýe bolýar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 29-njy iýulda geçirilen söwdalaşyklaryň barşynda daşarky we içerki bazarlarda jemi 2 sany iri geleşik baglaşyldy. Birža söwdalarynyň netijeleri boýunça resmileşdirilen geleşikleriň umumy möçberi 3 000 000,00 manada we 2 982 750,00 amerikan dollaryna deň boldy.

Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda nebithimiýa önümlerini ýerlemek boýunça bäsleşikli söwdalar geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik kuwwatlyklarynda öndürilen “TPP D 30 S” kysymly ýokary hilli polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Konserniň önümleri milli sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanylmagyny dowam etdirýär.

Daşarky bazarda BAE-niň işewürleri ýerli kärhanalardan pagta süýümini satyn almak barada bellenilen tertipde ylalaşyklary gazandylar.