Aşgabatda 28-nji iýulda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanda durnukly energetikany ösdürmek, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmeklige gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Resminama gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, «ýaşyl» energiýany ösdürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak we kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda beýleki wajyp ugurlar boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda bank ulgamyny berkitmek, 2027–2032-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen «Ýaşyl şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalar bar.