31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Çolpon-Ata şäherindäki Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet kabulhanasynyň Kongresler merkezinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Hormatly Prezidentimizi Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow garşylady. Ol şu ýylda konsultatiw duşuşyga Türkmenistanyň başlyklyk edýändigini belläp, hormatly Prezidentimize «Awazada» geçiriljek indiki duşuşyga çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem öz gezeginde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek ugrunda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama goşulandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Sammitde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçiriljekdigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan gatnaşyjy döwletlere bäş ugurdan ybarat gün tertibiniň taslamasyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sammite taýýarlyk görülýän we ol geçirilýän günlerde Awazada birnäçe halkara forumlar hem-de medeni çäreler geçiriler.
Çykyşlar tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary resmi däl konsultatiw duşuşygyň jemleri boýunça Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekdiler. Onda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi nygtalyp, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat we ynanyşmak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy.
Sammit tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Yssyk-Köl welaýatynyň Kara-Oý obasynda «Baku» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Myhmanlar täze myhmanhana toplumynyň şertleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Aşgabada dolandy.