Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň täze bellenen ýolbaşçysy Kadzuhiko Amakawa bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Kadzuhiko Amakawanyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlaglar beýan edilip, Türkmenistan bilen bu düzümiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan ykdysady taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawod (GTG-1), Garabogazkarbamid zawody, Türkmenabatdaky döwlet elektrik stansiýasy we beýleki iri taslamalar bar.
Şeýle hem duşuşykda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşmagynda ýurdumyzda sirkulýar ykdysadyýet babatda taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.