744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.08.2026
Nebithimiýa, gurluşyk we dokma önümleri: Birža söwdalarynyň hepdelik netijeleri

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 31-nji hepdesinde geçirilen söwdalaryň netijeleri boýunça daşarky we içerki bazarlarda jemi 4 million 755 müň 830 amerikan dollaryna hem-de 511 million 798 müň 150 manada deň bolan uly göwrümli geleşikler amala aşyryldy. Hepdäniň dowamynda dokma, nebithimiýa, gurluşyk we oba hojalyk senagatynyň önümlerine, sement hem-de dermanlyk ösümlik serişdelerine bolan ýokary isleg bellenildi.

Içerki bazarda ýerli telekeçileriň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerine, ilkinji nobatda hem «TPP D 30 S» kysymly polipropilene uly isleg bildirildi. Bu polimer önümi ýokary hilli gabyklary, torba we gurluşyk materiallaryny, filament we kassetaly ýüplükleri, şeýle hem dürli senagat we öý hojalyk plastmassa harytlaryny öndürmekde giňden ulanylýan esasy çig mal bolup durýar.

Mundan başga-da, ýerli telekeçiler oba hojalyk we derman senagaty üçin "Türkmenpagta" döwlet konserninden pagta übtügini, gurluşyk sektory üçin uly möçberde portlandsement hem-da dermanlyk buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar — BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri biržada, esasan, Türkmenistanyň dokma senagaty önümlerini, ýagny nah matalary, çig we nah ýüplükleri hem-de pagta süýümini satyn aldylar. Bu geleşikler türkmen dokma hem-de oba hojalyk önümleriniň halkara bazaryndaky berk ornuny ýene bir gezek subut etdi.

Hepdäniň iň iri geleşikleri gurluşyk we nebit-himiýa harytlary bilen bagly bolup, biržada baglaşylan şertnamalar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny üznüksiz serişdeler bilen üpjün etmäge we daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga uly goşant goşdy.