744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.08.2026
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň 7 aýdaky ykdysady ösüşiniň 6,3 göterime deň bolandygyny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 1-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, esasy görkezijiler beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Geçen ýedi aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklandy. Bütin milli ykdysadyýet boýunça oňyn depginler bellenilip, öndürilen önüm 10,4%, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1% we daşary söwda dolanyşygy 9% ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,1% berjaý edilip, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Nebit-gaz senagatynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Bellenen döwürde "Türkmennebit" döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak meýilnamasy 108,7%, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5% berjaý edildi. Benzin öndürmek 121,6%, dizel ýangyjy 113,5%, polipropilen 100,2%, çalgy ýaglary 103% we suwuklandyrylan gaz öndürmek 122,6% ösüş depgini bilen amala aşyryldy. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak meýilnamasy bolsa 108,1% berjaý edildi.

Beýleki senagat we önümçilik pudaklarynda hem uly ösüşler gazanyldy. Gurluşyk-senagat toplumy boýunça meýilnama 123,9% berjaý edilip, "Türkmenhimiýa" döwlet konserni 135% görkeziji gazandy. Oba hojalygynda ösüş 111,9% bolup, gowaça ideg etmek we galla ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär. Söwda toplumynda ösüş 106,8% deň bolup, biržada 17 müňden gowrak şertnama hasaba alyndy. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatlar 114% artyp, ýük we ýolagçy daşamak amallary durnukly ösüşi görkezdi.

Kanunçykaryjylyk we daşary syýasat ugry boýunça 7 sany täze kanun kabul edildi ham-da Halk Maslahatyna taýýarlyk görüldi. Şol bir wagtyň özünde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Medeni-gumanitar, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hem halkara çäreler we işler üstünlikli amala aşyryldy.

Mejlisiň soňunda Prezident Serdar Berdimuhamedow gazanylan netijelere kanagatlanma bildirip, 1-nji awgustdan başlap ýolbaşçylar düzümine zähmet rugsatynyň berilýändigini yglan etdi.