744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.08.2026
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 1-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow ýurduň nebitgaz senagatynda 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumyna degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hasabatda nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmak, ugurdaş düzümleriň görkezijilerini gowulandyrmak hem-de uglewodorod serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça alnyp barylan işler beýan edildi. Nebitgaz toplumy boýunça ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Bellenilişi ýaly, "Türkmennebit" döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak meýilnamasy 108,7 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan bolsa ony gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde tebigy we ugurdaş gazy çykarmak meýilnamasy 108,1 göterim berjaý edildi.

Mundan başga-da, taýýar nebithimiýa önümlerini öndürmekde oňyn ösüş depginleri bellenildi. Ýanwar – iýul aýlarynda benzin öndürmek meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjy 113,5 göterim, polipropilen 100,2 göterim we çalgy ýaglary öndürmek meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmek ugry boýunça bolsa 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmak hem-de uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.