Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 2-nji awgustda 2026-njy ýylyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onuň dowamynda 1-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan möhüm wezipeler we olary durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow açyp, nebitgaz senagatynyň işgärlerine döwlet tarapyndan uly ynam bildirilýändigi we toplumyň işini kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Şeýle hem pudakda önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylyp, kämil enjamlaryň we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy barada aýdyldy.
Ýygnagyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hem-de toplumyň beýleki edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Hasabatlarda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça gözleg-geologiýa işlerini güýçlendirmek we çykarylýan önümiň möçberini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Sözüniň soňunda wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary hemişe gözegçilikde saklamagyň hem-de pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Ol degişli konsernleriň we korporasiýanyň öňünde möhüm wezipeleri kesgitläp, pudagyň zähmetkeşlerine öňde goýlan meýilnamalary üstünlikli berjaý etmekde täze zähmet ýeňişlerini arzuw etdi.