744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.08.2026
«Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy önümçilik görkezijilerini barha ýokarlandyrýar

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet netijelerini gazandylar. Şol döwürde kärhana tarapyndan içerki we daşarky sarp edijilere jemi 1 million 890 müň 688 tonna nebit önümleri ugradyldy. Şunda daşarky bazarlara akdyrylan taýýar nebit önümleriniň möçberi 372 müň tonnadan aşdy. Kärhanada awiasiýa kerosini, benzin, dizel ýangyjy hem-de dürli ýaglar ýaly önümleri ýitgisiz we bökdençsiz satuwa ugratmak üçin ähli döwrebap mümkinçilikler döredildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen kärhanada dury nebit önümlerini guýmak we dökmek üçin awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy hem-de 3-nji gämi duralgasy gurlup işe girizildi. Ýyllyk kuwwaty 3 million 850 müň tonna barabar bolan demir ýol estakadasynda ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylyp, önümleriň agramy elektron terezilerde ölçenilýär. Bu desgada önüm guýulýan wagty emele gelýän buglary tutup ýygnamak ulgamy arkaly her ýylda 300 tonnadan gowrak benziniň ýitgisiniň we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňi alynýar. Şeýle hem bu ýerde 150 adama niýetlenilen dolandyryş-durmuş binasy hem-de özbaşdak nasos we transformator stansiýalary bökdençsiz işi üpjün edýär.

Kärhananyň çäginde Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen bilelikde gurlan 3-nji gämi duralgasy hem uly ähmiýete eýedir. Bu duralganyň ýyllyk kuwwaty nebit önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti düşürmek boýunça bolsa 1 million 150 müň tonna deňdir. ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Niderlandlaryň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen bu desga ýangyn howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça halkara ülňülere doly laýyk gelýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda işe girizilen bu kuwwatly desgalar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň möçberini düýpli artdyrmaga we olaryň hilini dünýä derejesine çykarmaga uly mümkinçilik berýär.