744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.08.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Malaýziýada hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde hünär kämilleşdiriş okuwyny tamamladylar. 13-23-nji iýul aralygynda geçirilen bu okuwyň duşuşyklarynda Türkmenistanyň ýaşlary nebitgaz ulgamynda häzirki zaman innowasion we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy hem-de olarda işlemegiň esasy aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Okuw maksatnamasynyň çäklerinde talyplar halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýerli hünärmenleriň we professor-mugallymlaryň guran amaly sapaklaryna işjeň gatnaşdylar. Olar nazaryýetde alan bilimlerini iş ýüzünde berkitmäge mümkinçilik alyp, tejribelerini ösdürdiler.

Bu okuw sapary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ylym-bilim ulgamynda barha giňeýän hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Ýurdumyzyň uzak möhletleýin ynamdar hyzmatdaşy bolan Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy diňe bir nebitgaz taslamalaryny amala aşyrman, eýsem, energetika ulgamy üçin döwrebap we kämil hünärmenleri taýýarlamaga hem uly goşant goşýar.