744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.08.2026
Türkmen hünärmenleri Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde ylmy-barlag tejribeligini geçýärler

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri Germaniýada halkara ylmy-barlag tejribeligine gatnaşýarlar. 2026-njy ýylyň 25-nji iýuly – 16-njy awgusty aralygynda Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde geçirilýän bu maksatnama ylmy-tehniki tejribeleri öwrenmäge, döwrebap sanly usullary ornaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Üç hepdelik saparyň baş maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak we emeli aňy senagata ornaşdyrmagyň öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmekden ybaratdyr. Okuwlaryň ilkinji günlerinde türkmen hünärmenleri nemes alymlary bilen bilelikde emeli aň, maşyn gurluşygy, neýron torlaryny gurmak we maglumatlary kadalaşdyrmak boýunça meýdança okuwlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem laboratoriýalarda guýularyň bitewüligi, çuňňur ýapgyt ugurly burawlama işleri hem-de fotoelektrik desgalarynyň amaly işini emeli aň algoritmleri arkaly öňünden çaklamak boýunça ylmy-barlaglar geçirildi.

Maksatnamanyň jemleýji tapgyrynda türkmen wekilleri Germaniýanyň kükürtli gazy gaýtadan işleýän iri senagat zawodyna hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa esaslanýan elektrik stansiýalaryna baryp görerler. Saparyň dowamynda toplanan baý tejribeler we maglumatlar Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ylmy-barlag meýdançalarynda hem-de okuw amallarynda giňden ulanylar. Bu halkara çäresi Ýewropa Bileleşiginiň hem-de GIZ-iň «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly strategik taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.