Astana şäherinde 31-nji iýulda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň üçünji mejlisi geçirildi. Bu çäre dabaraly ýagdaýda geçirilip, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Mejlisiň çäklerinde öňde boljak «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meselelerine we bilelikdäki resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ýurdumyzyň bu forumyň çäklerinde köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady. Özara gatnaşyklaryň strategik ugurlarynyň arasynda senagat, energetika, nebitgaz ulgamlary hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky meseleler aýratyn nygtaldy. Geljekki sammitleriň sebit döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary berkitmäge uly ýardam berjekdigi bellenildi.
Şol bir günde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Çun Eý-heniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz we energetika pudaklarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenilip, ikitaraplaýyn ýokary derejeli saparlaryň gatnaşyklary täze basgançaga çykarmakda ähmiýetli orny tutýandygy nygtaldy.