744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.08.2026
Nebitgaz toplumynyň işgärleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna we Halk Maslahatyna bagyşlanan maslahata gatnaşdylar

Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Maslahata nebitgaz toplumynyň düzümlerinde zähmet çekýän köpsanly işgärler we wekiller gatnaşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Çäräniň esasy temasy ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly boldy. Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň döwrebap nusgasynyň kemala gelendigini we ähli pudaklarda uly üstünlikleriň gazanylandygyny bellediler. Şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işler seljeriler we geljek üçin möhüm wezipeler kesgitleniler. Bu umumymilli forumyň kararlary ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmakda we hаlkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmakda uly orun eýelär. Maslahatyň soňunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin berdi.