744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.08.2026
Nebitgaz pudagy üçin döwrebap IT hünärmenleri taýýarlanylyp başlanýar

Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary ýaly täze ugurlar girizildi. Bu özgertmeler pudakda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we döwrebap innowasion bilimli hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen amala aşyryldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Umuman alanyňda, 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň bilim maksatnamalaryna ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri açýan köpsanly ugurlar girizildi. Sanly ykdysadyýet we tehnologik özygtyýarlylyk bilen bagly bolan bu hünärler milli ykdysadyýetimiziň döwrüň talabyna laýyklykda ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyplar emeli aň, ekspert ulgamlary, mehatronika, robot tehnikasy hem-de kiberhowpsuzlyk boýunça bilim alyp başlarlar. Bu täze ugurlar ýaşlara önümçiligi «akylly» ulgamlara geçirmäge we IT kompaniýalarynda, bank ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap bilime berilýän bu uly üns ýurdumyzyň geljekki ykdysady kuwwatyny we hünärmenler goruny berkitmäge hyzmat eder.