744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.08.2026
Täze birža söwdalary: Nebithimiýa we dermanlyk önümlerine bolan isleg ýokarlandy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 5-njy awgustda geçirilen söwdalaryň netijesinde umumy bahasy 270 000 000,00 manada we 94 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 45 sany geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň agramly bölegi ýurdumyzyň içki we daşarky bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümlere dogry geldi.

Söwdalaşyklaryň dowamynda ilkinji nobatda “Türkmennebit” döwlet konserniniň öndürýän önümlerine uly isleg bildirildi. Ýerli işewürler içki bazar üçin bu konsern tarapyndan öndürilen “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada birnäçe şertnamalara gol çekdiler. Bu önüm ýurduň ýol gurluşyk ulgamynda giňden ulanylýar.

Mundan başga-da, birža söwdalarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hem geleşikler baglaşyldy. Serbiýanyň işewürleri Türkmenistanyň telekeçilerinden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşyp, daşarky bazarda türkmen önümlerine bolan ýokary gyzyklanmany ýene bir gezek subut etdiler.