744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.08.2026
Zehinli ýaşlar nebitgaz senagatyna täze bat bererler

Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýyly üçin kabul edilen 1-nji ýyl talyplary ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge öz goşantlaryny goşmaga taýýarlanýarlar. Giriş synaglaryny üstünlikli geçen birnäçe zehinli ýaşlar täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli öz ýürek sözlerini hem-de gelejekki maksatlaryny paýlaşdylar.

Halkara bäsleşikleriň we olimpiadalaryň birnäçe gezek ýeňijisi bolan 1-nji ýyl talyby Nurana Aşyrowa okuwa girmegi bilen bagly öz buýsanjyny bildirdi: «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmagyma begenjim çäksizdir. Uniwersitetde döwrebap bilimleri almak üçin ähli şertler döredilipdir, geljekde saýlap alan ugrum boýunça hünärmen bolup, nebitgaz pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşaryn».

Halkara derejesinde Kaliforniýada geçirilen «XCEL International Round» bäsleşiginiň 1-nji derejeli diplomanty Döwletgeldi Döwletgeldiýew hem öz önümçilik arzuwlary bilen paýlaşdy: «Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, öňümde goýan baş maksadyma ýetdim. Geljekde öwredilýän ylymlary düýpli özleşdirip, döwletimiziň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak we nebitgaz pudagynyň kämilligini gazanmak ugrunda zähmet çekerin».

2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp bolan Gülşirin Merdanowa bolsa bellenilen innowasion mümkinçilikler barada şeýle diýdi: «Mekdep ýyllaryndan bäri teknik ugurdan ýokary bilim almagy arzuw edýärdim we bu ajaýyp uniwersitete okuwa girmek bilen arzuwyma ýetdim. Döwrebap innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamy ussatlyk bilen özleşdirip, Watanyma we halkyma ak ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn».